Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gaz akdyryjylaryň gaýratly zähmeti
19.06.2023

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň iň iri hem öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçy hünärmenleridir işçileri ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilatynyň, şeýle hem olaryň çäklerindäki edara-kärhanalaryň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi üçin ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly «mawy ýangyjyň» hemişe üznüksiz akdyrylmagyny üpjün edýärler.

«Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary häzir iki welaýatyň çägindäki ýokary basyşly gaz geçirijileriň iki müň sekiz ýüz sekiz kilometrine hyzmat edýärler. Kärhananyň önümçilik gulluklarynyň bir bitewi sazlaşykda işlemekleri arkaly bu ýerde tebigy gazy akdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalar aýma-aý üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Mary welaýatynyň çägindäki gaz paýlaýjy beketleriň otuz üçüsiniň, gaz sazlaýjy düwünleriniň bolsa bäşisiniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligine hut şu gullugyň hünärmenleridir işçileri tarapyndan pugta gözegçilik edilýär.

Welaýatyň çägindäki umumy uzynlygy bir müň ýigrimi dört kilometr alty ýüz altmyş üç metr bolan ýokary basyşly gaz geçirijileriniň elektrohimiki goragyna, katod gorag beketlerine hem şu önümçilik gullugynyň zähmet adamlary tarapyndan hyzmat edilýär. Häzir şu önümçilik gullugyna degişli katod gorag beketleriniň bir ýüz dokuzysy bolup, şolar ýokary basyşly gaz geçirijileri ýerasty poslamadan goramakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şol beketlere her aýyň dowamynda bir-iki gezek gözegçilik amala aşyrylýar. Şonda ýüze çykarylýan näsazlyklar gullugyň gazçylary tarapyndan anyklanylýar hem-de bejergi işleri geçirilýär.

Tejribeli hünärmen Ruslan Atdaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän şu önümçilik gullugynda köpýyllyk iş tejribesi bolan hünärmenleriň, işçileriň ençemesi zähmet çekýär. Olardan esasy inžener Artyk Kakajanow, uly ussa Kakabaý Könäýew, elektrik montýory Ýunus Sylabow we beýlekiler bellenilen iş meýilnamalarynyň hemişe üstünlikli berjaý edilmegine mynasyp goşandyny goşýarlar. Guwanç Baýramow, Ýazgeldi Çaryýew, Mekan Hommadow, Wekil Hudaýberdiýew ýaly ýaş işçilerem halypalaryň zähmet göreldesine eýerip, işde barha tejribe toplaýarlar.

Müdirligiň önümçilik bölümlerinde bolup, olaryň işleri bilen ýakyndan tanşanymyzda kärhananyň baş energetigi Azat Akyýew bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Şonda ol:

— Müdirligimiz tarapyndan hyzmat edilýän ýokary basyşly gaz geçirijiler boýunça sarp edijilere «mawy ýangyjyň» bellenilen meýilnama laýyklykda üznüksiz akdyrylmagynyň üpjün edilmeginde şu önümçilik gullugynyň gazçylary möhüm ähmiýetli işleri ýerine ýetirýärler. Sebäbi gaz geçirijileriň ugrundaky gaz paýlaýjy beketleriň, gaz sazlaýjy düwünleriň elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegindäki talaplaryňam, ýerasty geçirijileri poslamadan goramakdaky işleriňem tehnologiýa laýyk, takyk ýerine ýetirilmegi önümçilikde möhüm şert bolup durýar — diýip, gürrüň berdi.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

Ussatnews.com.