Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Arzuw" myhmanhanasy

Ýokary derejeli "Gämi" myhmanhanalar toplumy we sagaldyş merkeziniň “Arzuw” saglygy dikeldiş merkezinde mugt internet hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi bardyr. Saglygy dikeldiş merkezinde 58 adam üçin niýetlenen mejlisler otagy,  138 orunlyk kinokonsert zaly, işewürlik otagy, çagalar otagy, 2 sany içki howuz, 3 sany daşky howuz, şolardan biri akwapark howuz, ikinjisi çagalar üçin howuz we futbol meýdançasy, mini futbol, woleýbol, basketbol meýdançalary, tennis korty, çagalar üçin oýun meýdançasy, hem-de tomusky bar, lobbi bar, 2 sany restoran, bilýard otagy bardyr. Saglygy dikeldiş merkezinde müşderilere 3 wagtyna nahar berilýär, şeýle-de dynç alýanlaryň isleglerine görä buýurmalar boýunça hem tagamlar taýýarlanylýar.

Hazaryň kenaryndaky ajaýyp künjekde ýerleşýän saglygy dikeldiş merkezinde sport meýdançalaryň birnäçesi bolup, bu ýerde saglygyny berkidýänler we dynç alýanlar sportuň dürli görnüşleri we tigir ýörişi bilen meşgullanyp bilerler.

Açyk we ýapyk howuzlarda çagalaryň suw sporty bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler bardyr.

Çagalar sagaldyş merkeziniň işi 6 (alty) tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrda 600 çaga kabul edilýär. Çagalar ýatyp dynç alar ýaly 600 (alty ýüz) orunlyk 8 (sekiz) sany bina bar. Her bina 8 (sekiz) otagdan ybarat bolup, 1 (bir) otag terbiýeçilere we 72 çaga niýetlenendir. Her binada çagalar dynç alar ýaly otag bar. Merkezde 1 sany saglyk otagy, 1 sany izolýator, 1 sany lukman otagy bar. Saglyk öýunde 1 (bir) sany lukman, 4 sany şepagat uýasy, 1 (bir) sany “Tiz kömek” ulagy (özüniň topary bilen) hyzmat edýär.

Saglygy dikeldiş bölümi 1 sany defibrillýator we ilkinji kömegi bermek üçin 100% derman serişdeleri bilen üpjün edilendir.

Merkezde futbol, woleýbol, basketbol, tenis üçin niýetlenilen 4 (dört) sany sport bölümi, çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini dogry öwretmek üçin ýol yşykly (swetoforly) meýdança, sport enjamlary bilen doly üpjün edilen 1 sany içki sport zaly, tälimçi otagy, 2 sany eşik çalşyrylýan otagy, oýnamaga niýetlenen meýdança we 600 orunlyk amfiteatry bar.  Çagalaryň açyk howada dynç almaklary üçin oturgyçly meýdança bar. 

Merkezde 1 sany kitaphana bolup, onda 550 sany kitap bar. Kanselýariýa enjamlarynyň dürli görnüşleri bar. 2 sany kompýuter otagy bolup, olarda jemi 14 sany kompýuter, şol sanda 3 sany oýun oýnalýan kompýuter bar.

Merkezde 1 sany ýol hereket düzgünleri öwredilýän meýdança ýerleşýär.

Merkezde doly enjamlaşdyrylan 600 orunlyk aşhana hereket edýär, ol dynç alýanlary 6 (alty) wagtyna iýmit bilen üpjün edýär.

Çagalar sagaldyş merkezinde çagalar birmeňzeş sport eşikleri we saglygy dikeldiş merkeziniň ýörite lybasy bilen üpjün edilýär.

 

"Arzuw" myhmanhanasy

745005, Türkmenbaşy şäheri,  "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy

Tel: (+993243) 5-76-20; 5-76-22;                                        

Faks: 5-76-20; 5-76-22;                                                      

e-mail: arzuw_otel@sanly.tm