Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Nebitçi» futbol kluby

“Türkmennebitgeofizika” müdirliginiň “Nebitçi” futbol kluby.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň 2008-nji ýylyň iýul aýynyň 22-ne çykaran №377 belgili buýrugy esasynda “Nebitçi” futbol kluby döredilen.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölüminde 11.07.2020 ýylda №23695520 belgili Şahadatnama esasynda gaýtadan bellige alynan ”Türkmennebitgeofizika” müdirligi “Nebitçi” futbol klubynyň esaslandyryjysy bolup durýar. “Nebitçi” futbol kluby Esaslandyryjynyň ygtyýarynda galýan girdejiniň hasabyna we “Türkmennebit” döwlet konserniniň Esaslandyryja we kluba gönükdirýän maliýe serişdeleriniň  esasynda işleýär.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly köçesi, Bedenterbiýe saglyk toplumy. “Nebitçi” futbol kluby bar bolan ähli serişdeleri we iş ýerlerini ulanyp, nebitçileriň we şäheriň ýaşaýjylarynyň, hem-de çagalaryň futbol bilen köpçülikleýin meşgul bolmaklary üçin ähli şertleri döredýär. “Nebitçi” futbol klubynyň öz ady ýazylan möhüri, resmi nyşany, blankalary, hormat hatlary we diplomlary bar.