Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Ahal» futbol kluby

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň “Ahal” futbol kluby Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýär. 1989-njy ýylda döredilen klub, türkmen futbolynyň öňdebaryjylarynyň biri bolmak bilen, Aziýa sebitinde gurnalýan klub ýaryşlarynyň yzygiderli gatnaşyjysydyr.

Häzirki günde klubyň başlygy wezipesinde Mergen Orazow, Baş tälimçisi wezipesinde Serdar Geldiýew zähmet çekýär. Toparyň kapitany Elman Tagaýew.

1989-1991-nji ýyllar aralygynda SSSR-iň çempionatynda ikinji ligasynda çykyş etdi. 1992-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň ýokary ligasynda çykyş etmekligini dowam etdirip gelýär.

2013-nji ýylda Ali Gurbaniniň tälimçilik etmekliginde ilki Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň kubogyny we şol ýylda Türkmenistanyň Kubogy-2013 atly ýaryşyny ýeňmek bilen kuboklary gazandy. 2014-nji ýyl möwsümini Ahal futbol kluby Türkmenistanyň naýbaşy kubogyny ýeňmek bilen başlady. Şol ýylyň oktýabr aýynda baş tälimçi Ali Gurbaniniň ornuna Guwançmuhammet Öwekow bellenildi. Bu tälimçiniň ýolbaşçylygynda “Ahal” futbol kluby ikinji möwsüm yzygiderli Türkmenistanyň kubogyny gazandy we Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi bolmaklygy başardy.

2015-nji ýylda “Ahal” futbol kluby AFK-nyň kubogy halkara ýaryşyny Bişkek şäheriniň “Dordoý” toparyndan üstün çykmaklyk bilen başlady. Ikinji saýlama tapgyrynda araplaryň “Fandja” toparyny ýeňmeklik bilen ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmekligi gazandy. 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Guwançmuhammet Öwekowyň öz islegi boýunça wezipeden gitmekligi bilen, Baş tälimçi wezipesine Boris Grigorýans bellenildi.

Dürli ýyllarda klubyň Baş tälimçileri wezipelerinde, 2016-2019-njy ýyllarda Röwşen Meredow, 2019-2020-nji ýyllarda Said Saýidow, 2021-nji ýylda Hojaahmet Arazow, 2022-nji ýylda Mergen Orazow dagylar işlediler. Mergen Orazowyň baş tälimçilgi astynda “Ahal” futbol topary 2022-nji ýylyň çempionlygyny taryhynda ilkinji gezek gazandy.

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda häzirki güne çenli klubyň baş tälimçisi wezipesinde Serdar Geldiýew zähmet çekýär.

Şeýle-de “Ahal” futbol topary ilkinji gezek “AFK-nyň çempionlar ligasy 2023” atly halkara ýaryşynyň toparlaýyn tapgyranda ilkinji gezek çykyş etdi.

“Ahal” futbol klubynyň ähli üstünlikleri “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň hemaýatkärligi we goldawy esasynda amala aşyrylýar.