Tehniki okuw merkeziniň tutýan umumy meýdany — 27492,2 m2 barabardyr. Häzirki wagtda merkezimiziň işgärler düzümi 47 adamdan ybarat bolup, olardan 5-si administratiw, 12-si dolandyryjy, 30-sy bolsa täze okuw ýylynda şertnama esasynda mugallym wezipesinde zähmet çekýärler.
Merkez Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň garamagyndaky başlangyç hünär bilim maksatnamasyny amala aşyrýan hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet başlangyç hünär okuw merkezidir.
Merkezde hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler, şeýle-de iňlis, rus, türkmen dillerine terjime işleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýa-da onuň garamagyndaky edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem raýatlaryň öz maliýe serişdeleriniň hasabyna şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda edýän tagallalarynyň çäklerinde häzirki wagtda 2021-nji okuw ýylyna niýetlenilip TNGIZT-niň Tehniki okuw merkeziniň çäklerinde 3 gatly okuw binasy gurulýar, şeýle-de iki sany suw rezerwuaryny, awtoduralgany, sport meýdançasyny gurmak hem-de okuw merkeziniň daşky durkuny abatlamak boýunça degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Sylaglar
Esaslandyryjysy: Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy.
Hukuk salgysy: Balkan welaýaty. Türkmenbaşy şäheri. Asudalyk köçesiniň 40-njy jaýy. II ykdysady zolakda ýerleşýär.