Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň uly ösüş-özgerişlere beslenýän nebitgaz toplumynyň iri kärhanalarynyň biri hem, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy - ýükleýji nebit kärhanasydyr.

Zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy - ýükleýji nebit kärhanasy ýurdumyzyň iň baýry kärhanalarynyň biri bolup, onuň düýbi Zakaspiý oblastynyň başlygynyň 1886-njy ýylyň iýul aýynda doganlar Nobelleriň ýoldaşlyk jemgyýetine nebit ammarlary üçin ýer bölüp bermek baradaky rugsatnamasy esasynda tutulýar. Kärhana 2006-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 15-nji dekabrynda kabul eden № 7661 belgili Karary esasynda  “TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy” diýlip atlandyrylýar.

Kärhananyň durkuny täzelemek işleri, esasan, 1965-1968-nji ýyllarda ýerine ýetirildi. Umumy meýdany 528,00 ga deň bolup, şonuň 312,5 ga önümçilik hajatlary üçin ulanylýar. Häzirki wagtda karhanada 720-den gowrak adam zähmet çekýär, olardan 50 adama golaýy edara – dolandyryş işgärleridir.

Kenar toplaýjy - ýükleýji nebit kärhanasynyň önümçilik işi nebit önümlerini kabul etmekden, saklamakdan we ýükläp ugratmakdan ybarat bolup, oňa zawodlar toplumynyň bökdençsiz işlemeginde, içerki bazary, ýagny ýurdumyzyň edara- karhanalaryny nebit önümleri bilen üpjün etmekde, daşary ýurtlara satylan nebit önümlerini öz wagtynda ýükläp ugratmakda uly orun degişlidir, ýagny kärhana nebit önümlerini öndürmegi, saklamagy we sarp edijilere gowşurmagy öz içine alýan ulgamyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýar.

Gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän bu kärhana TNGIZT-niň öndürýän nebit önümlerini turbageçirijiler, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň nebit önümlerini bolsa demir ýol ulagy arkaly kabul etmek, saklamak hem-de deňiz we demir ýol ulaglarydyr turbageçirijiler arkaly ýurduň içerki bazaryna we daşary ýurtlara ýükläp ugratmak bilen meşgullanýar. Kärhananyň önümçilik işini amala aşyrmak üçin nebit önümlerini kabul etmäge we saklamaga niýetlenen 130-dan gowrak polat rezerwuarlary, önümleri demir ýol ulagy arkaly kabul etmek hem-de ýükläp ugratmak üçin degişli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 4 sany guýujy- döküji, şol sanda 1 sany awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadalary, deňiz arkaly ýükläp ugratmak üçin 2 sany nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgalary, sagatda 60 tonna bug öndürmäge ukyply önümçilik gazanhanasy, nasos stansiýalary we beýleki kömekçi önümçilik düzümleri bar. Mundan başga-da 45 sany edara we ýaşaýyş jaýlary, durmuş hajatlary üçin niýetlenen gazanhana we lagym-nasos stansiýasy, Kenar şäherçesinde ýerleşýän Medeniýet öýi bar.

Kärhanada dolandyryş diwanyndan başga 14 sany önümçilik düzümi (uçastoklar we  toparlar) bar. Olar nebit önümlerini kabul edýärler, saklaýarlar we ýükläp ugradýarlar, bu işleriň bökdençsiz amala aşmagy üçin nasoslaryň saz işlemegini, elektrik üpjünçiligini, bug öndürilmegini we beýleki önümçilik-durmuş meseleleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş - ykdysady taýdan ösdürmek babatda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde soňky ýyllarda Kenar toplaýjy- ýükleýji nebit kärhanasynda sehara turbageçirijileriň we önümçilik bug gazanhanasynyň durky täzelendi, onlarça täze rezerwuarlar, nebit önümlerini hasaba almagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy (SCADA), täze awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasy, daşky perimetri goramagyň kämil ulgamy guruldy, ýakyn geljekde bolsa bu ýerde 3-nji nebit we nebit önümleri guýulýan deňiz gämi duralgasyny hem-de ýakyş mazudyny saklamaga niýetlenen rezerwuarlary gurmak meýilleşdirilýär.


Salgysy:

  • 745005 Türkmenbaşy ş., Kenar şäherçesi.


Tel:

  • +993 (243) 3-30-01;
  • +993 (243) 3-30-51.


Faks:

  • +993 (243) 3-30-65.