Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
2-nji hünär-tehniki okuw mekdebi

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebi Balkanabat şäheriniň 161-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 21-nji jaýynda, 1956-njy ýylda gurulyp, 2012-nji ýylda düýpli abatlama işleri geçirildi. Mekdepde hünärmenleri taýýarlamak, hünär endiklerini öwretmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 28 sany synp otagy, sport zaly, 156 orunlyk mejlisler zaly, şeýle hem 150 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy we naharhanasy bar. Mundan başga-da 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde elektrik we gaz bilen kebşirleýiş ussahanasy, tokarçylyk ussahanasy, agaççylyk ussahanasy,slesarçylyk ussahanasy bar. 2023-2024-nji okuw ýylynda başlangyç bölüme 15 hünärde 693 talyp kabul edildi. 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde häzirki wagtda (05.04.2024ý) 670 talyp bolup, Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny sanly maglumata geçmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, okuw jaýynda degişli işler yzygiderli geçirilýär. Häzirki wagtda binada 2 sany synp otagy doly kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen. Binanyň synp otaglary içki tor ulgamy arkaly, internet toruna birikdirilip, 7 sany otagda wideoproektorlar gurnalan. Mekdebiň kitaphanasy täze neşir edilen tehniki we elektron kitaplar bilen üpjün edilen. Okuw mekdepdebinde terbiýeçilik ähmiýetli köpçülikleýin çäreler yzygider geçirilýär.



Edaralar