Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi
"Türkmennebit" DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde "Türkmenistanyň" Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2136-njy Karary bilen tassyklanan "Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny" hem-de "Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça işler alynyp barylýar.Mekdebiň web- saýtynda"Türkmennebit" DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi barada maglumatlar yzygiderli täzelenip durulýar.Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen mekdebimizde sanly bilim ulgamy ösdürilýär, ylmyň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Mekdepde Moodle - içki bilim portaly, elektron resminama dolanyşygy, eTalyp -elektron žurnaly, elektron kitaphana, elektron hasaba alyş ulgamy işe girizildi. Mekdebiň mugallymlary bilen kiberhowpsuzlyk boýunça edilýän talaplar we olary berjaý etmek barada wagyz-düşündiriş ýygnagy yzygiderli geçirilýär.
TMÝG-nyň Balkan welaýat geňeşiniň, "Türkmennebit" DK-yň şahamçasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, "Türkmennebit" DK-nyň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde talyp ýaşlaryň arasynda "Ylymly ýaşlar - täze eýýamyň Galkynyşy döwrüniň binýady " atly ylmy taslama işleri boýunça bäsleşik geçirildi.
TMÝG-nyň Balkan welaýat geňeşiniň, "Türkmennebit" DK-yň şahamçasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebitgaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, "Türkmennebit" DK-nyň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde talyp ýaşlaryň arasynda "Ylymly ýaşlar - täze eýýamyň Galkynyşy döwrüniň binýady " atly ylmy taslama işleri boýunça sergi gurnaldy, telewideniýä ýazgy edildi.
Usuly birleşmäniň mugallymlary üçin içki tory ulanmak, kiberhowpsuzlyk barada seminar okuw geçirildi. Sapaklaryň rejesi düzüldi, tassyklanyldy.
Mekdebiň mugallymlaryny we işgärlerini okuw dolandyryş ulgamynda okatmaklyk üçin düzülen we tassyklanan meýilnama laýyklykda okuwlar gurnaldy.„Türkmennebit“ DK- nyň „Nebitgazylmytaslama“ instituty, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda "Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni" mynasybetli sanly ulgamy peýdalanmak bilen "Bilim - kämilligiň şuglasy" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşýan ylmy işleriň tezisler ýygyndysy çapdan çykdy.
Mekdepde jogapkär işgäriň ýolbaşçylygynda kiberhowpsuzlyk boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Internetden maglumatlaryň alnyşyna we olaryň howpsuz ulanylyşyna yzygider gözegçilik edilýär.
Mekdepde dersler boýunça synaglar sanly ulgamy peýdalanmak bilen monitoring görnüşinde geçirmeklik ýola goýuldy. Okadylýan ähli dersler boýunça audio we wideo sapaklary taýýarlamak işleri bu barada düzülip tassyklanan TERTIP esasynda dowam etdirilýär.Sapaklaryň wideoýazgylaryny kämilleşdirmek işleri yzygider alnyp barylýar.
Sapaklarda ulanylýan tanyşdyrylyşlaryň sanyny köpeltmek, olaryň hilini kämilleşdirmek işleri yzygider dowam etdirilýär.
Metbugatda mekdebiň mugallymlarynyň sanly ulgam, mekdep baradaky makalalar bilen çykyşlary yzygider guralýar.
Mekdebimizde talyplara döwrebap bilim bermek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin 5 sany şu aşakda ady agzalan usuly birleşmeler hereket edýär:-
Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumy boyunça usuly birleşme;-
Umumymatematika, tebigy-ylmy we awtomatika dersler toplumy boyunça usuly birleşme;-
Gurluşyk, maşyn gurluşyk we energetika dersler toplumy boyunça usuly birleşme; -
Geologiýa, geodeziýa we geofizika dersler toplumy boyunça usuly birleşme; -
Nebit – gaz we himiýa senagaty dersler toplumy boyunça usuly birleşme;-
Buhgalteriýa we ykdysadyýet dersler toplumy boýunça usuly birleşme.
2020-2021-nji okuw ýylyndan başlap mekdebimizde her okuw topary üçin okadylýan dersler boýunça okuw iş-maksatnamalarynyň toplumy kitap görnüşinde taýýarlanyp toparlara berildi. Okuw binamyzyň synp otaglary içki set ulgamy arkaly, internet toruna birikdirilip, 35 sany otaglarda wideoproektorlar gurnalan. Mekdebimiziň kitaphanasy täze neşir edilen tehniki we elektron kitaplar bilen üpjün edilen.
"Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda" Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen döwlet bäsleşiginde dokuz ugur boýunça çykyş eden Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary oňat netijeleri gazanmagy başardylar. Bu bäsleşikde 3 sany II ornuň, 12 sany III ornuň eýelenmegi mekdebimiziň mugallymlaryny we talyplaryny geljekki üstünliklere ruhlandyrdy. Mekdebimiziň talyplary Şyhmämmedowa Ogulsuraý -"Sanly ykdysadyýet" , Muhammedowa Gunduzgözel, Gylyjow Süleýman -"Iňlis dili" boýunça II orny, Goçmyradow Balmyrat, Orazmyradowa Jemal - Türkmenistanyň kanunçylygy, Atamämmedowa Hatyja, Näzgeldiýewa Güljemal, Aşyrow Hudaýberdi -"Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş", Kuwwatmyradow Aýmyrat, Sapaýewa Gülnara, Kumadowa Gülruh - "Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary", Gurbangylyjowa Almagül - "Ekologiýa we daşky gurşawy goramak" , Hajyýewa Aýsoltan -"Sanly ykdysadyýet", Abaşowa Albina - "Rus dili", Amanklyçew Begenç - "Matematika" boýunça III orny eýelediler. Talyplarymyzyň bu üstünligini mekdep ýolbaşçylygy, mugallymlar we talyplar gutladylar we olara gelejekde hem üstünlikleri arzuw etdiler. Mekdebimiziň ýurdumyz boýunça orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda reýting boýunça V orny eýelemegi hem aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Adres: Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň 11-nji jaýy.
Tel: 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26.
E-mail: bnohom@turkmennebit.gov.tm