“Türkmennebitgeofizika” müdirligi
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz ulgamynyň öňünde durmuşa geçirilmeli birnäçe wajyp meseleleri kesgitläp goýdy. Bu babatda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň öňünde goýlan wezipeleri berjaý etmek maksady bilen, 2030-njy ýyla çenli döwürde nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu çykarylyp alynjak nebitiň we gazyň aglabasyny gury ýerlerdäki we deňizdäki täze açylýan nebitgazly meýdançalardan dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalary peýdalanyp amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar. Ýataklary özleşdirmekde geçirilýän işleri giňden ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitgeofizika” müdirligi dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýaly enjamlardyr-abzallary ulanmak arkaly nebit, gaz we beýleki guýularda aşakdaky geofiziki barlag işlerini ýerine ýetirýär:
Häzirki wagtda „Türkmennebit“ döwlet konserniniň „Türkmennebitgeofizika“ müdirligi Türkmenistanyň hökümetiniň we „Türkmennebit“ döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň üns bermekleri netijesinde nebit-gaz pudagynda iň täze tehnologiýalary ulanyp, iş geçirmäge ukyply, häzirki zaman edarasy bolup durýar.
„Türkmennebitgeofizika“ müdirliginiň düzümine alty sany ekspedisiýalar girýärler:
Mundan başga-da Müdirlikde Guýy nebitgaz hyzmat uçastogy bolup, onda “Sliklaýn” toparlary guýularyň hasos kompressor turbalaryny arassalamak we beýleki işleri ýerine ýetirýärler.
Müdirligiň önümçilik toparlary burawlanýan guýularda geofiziki barlag işlerini geçirmek üçin häzirki zaman döwrebap gurallar bilen, şeýle-de, maglumatlary gaýtadan işlemek we interpretasiýa etmek üçin programma üpjünçilikli, häzirki zaman bellige alyş „KARAT“ toplumy bilen üpjün edilen. Ulanyş guýularynda barlag geçirmek boýunça önümçilik toparlary dokuz parametri bellige alýan, barlag maglumatlaryny täzeden işlemek we seljerme üçin programma üpjünçilikli „Oniks“ ulgamy bilen işleýärler. Geologiýa-tehnologiýa gözegçilik toparlary guýularda burawlaýyş işleriniň alnyp barlyşyna häzirki zaman „Geotest-5“ toplumy bilen gözegçiligi amala aşyrýarlar.
Salgysy: 745100 Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Beýik ýüpek ýoly, senagat zolagy-40.
Tel: (800222) 3 16 16
e-mail: tngfm@turkmennebit.gov.tm