Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz ibermeleriniň möçberini artdyrýar
26.05.2023

Şu ýylyň mart aýynda Hytaýa «mawy ýangyjyň» eksporty 2,9 mlrd kub metre çenli artyp, 2022-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi. Bu barada Finmarket agentligi HHR-iň Gümrük müdirligine salgylanyp habar berýär.

Umuman, neşirde bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň eksport edijileri ýyladyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen Hytaýa turba geçirijisi tebigy gazynyň eksport möçberlerini dikeldýärler. Gazagystan mart aýynda HHR-e 380 mln kub metr gaz iberdi, bu görkezijini ýene-de aýda 100 mln kub metre çenli artdyryp bolýar. Özbegistan gaz ibermelerini doly togtadandan bäri 3 aý geçenden soň, ibermelerini dikeltdi we mart aýynda HHR-e 140 mln kub metr iberdi. Bu görkezijini dört esseden gowrak artdyryp bolar.

Öň, maý aýynda Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitiniň barşynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin sebitiň döwletleri bilen energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada çykyş etdi.

Bu günki gün 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanyşa girizileninden bäri Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça 350 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi.

Häzirki wagtda gaz ibermeleri Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça amala aşyrylýar. Ýurtlaryň arasynda dördünji şahany gurmak hakynda ylalaşyk gazanyldy. Ol ibermeleri ýylda 65 mlrd kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.