
2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen özara haryt dolanyşygy 10,4% artdy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
«Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,4% artdy. Baha hasaplamasynda haryt dolanyşygynyň umumy möçberi hasabat döwründe ABŞ-nyň 386 mln dollara barabar boldy» diýip neşir belleýär.
Neşitde bellenilişi ýaly, Russiýa Türkmenistanyň umumy haryt dolanyşygynda üçünji orny eýeleýär. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň — Tatarystanyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, şeýle hem Sankt-Peterburg şäheriniň arasynda aragatnaşyklar ýola goýuldy.
Umuman şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň görkezijisi 8,4% artdy diýlip, neşirde bellenilýär.
Ýanwar aýynda RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin Aşgabatda geçirilen türkmen-russiýa işewürler maslahatynda eden çykyşynda 2022-nji ýylda türkmen-russiýa haryt dolanyşygynyň 1 mlrd amerikan dollaryna barandygyny belledi. Mişustin şol bir wagtda iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň has ýokarydygyny belledi.