21-nji maýda, ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, birnäçe ugurdaş desgalaryň durkuny täzelemek we inženerçilik-tehniki düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Prezidenti hasabaty diňläp, pudagy, şol sanda gaýtadan işleýän pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasion esasda ösdürmek meselelerine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde bu pudagyň kärhanalarynyň ýokary netijeli işini üpjün etmek, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän görnüşlerini artdyrmak ýaly täze möhüm wezipeleriň goýlandygyny belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.