Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň pikirine görä, ýangyç-energetika pudagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
«Türkmenistan–Hytaý» gaz geçirijisi bu ugurda anyk hyzmatdaşlygyň hakyky we oňyn mysalydyr. Şu gaz geçirijiniň netijesinde hytaýly hyzmatdaşlarymyz häzirki döwürde öz senagatyny ösdürýär, Hytaýyň ilatynyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrýar» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Döwlet Baştutany şunuň bilen birlikde, «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi sebitiň üstaşyr geçiriji ýurtlaryna hytaýyň bazaryna energiýa serişdelerini çykarmak üçin mümkinçilik hem berendigine aýtdy.
«Türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge esaslanan Türkmenistanyň energetika syýasatyny nazara almak bilen, taraplar gyzyklanan halatda biz türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri hem dowam edip bilerdik» – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.