Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Uzynada meýdançasynda nebitgaz kondensatynyň önümçiligi ýola goýuldy
03.04.2024

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdür megiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksat namasynyň» çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň agzybir işgärleri tarapyndan önümçiligiň depginini ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda nebitgaz senagatynda zähmet çekýän işgärleriň iş we durmuş şertlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmek, Günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka sebitinde täze nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak, olary özleşdirmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. 
Uzynada meýdançasynda özleşdirilen guýulardan ýokary hilli nebitgaz kondensatynyň önümçiligi ýola goýuldy. Özleşdirilen hem-de burawlaýyş işleri gutarylyp ulanmaga berlen guýulardan ýokary möçberde nebitgaz kondensatyny öndürmek, şeýle hem öndüril ýän önümleri nebiti taýýarlaýyş we akdyryş nokatlaryna, gazy sarp ediji kärhanalara ýit gisiz we ýokary hilli tabşyrmak maksady bilen, Demirgazyk Ördekli meýdançasynda gaz saýlaýjy desga gurlup, tapgyrlaýyn ulanmaga berildi. 
«Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda «Ýöritenebitgaz gurluşyk» müdirligi tarapyndan gurlan bu desga gazy suwuklykdan saýlaýjy, ýygnaýjy, nebit kondensatyny durnuklaşdyryjy, ony toplaýjy we akdyryjy enjamlary özünde jemleýär. Geljekde ulanyşa giriziljek guýularyň önümini göz öňünde tutup, bir gije-gündiziň dowamynda kuwwatlylygy 5 million m3 tebigy gazy we 3 müň 500 tonna nebit kondensatyny saýlamaga hem-de degişli nokatlara akdyrmaga niýetlenen bu desga nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmegiň tehnologik taýdan kämilleşdirilmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.