Ýakynda geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, tussaglykdaky 356 raýatyň günäsini geçip, olary azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza çäresini çekmekden boşatmak baradaky Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Döwlet Baştutany mejlisiň başynda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi.
— Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris — diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi.
B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, degişli Permana gol çekdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmek tabşyryldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.