Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli dabaralar geçirildi
01.04.2024

29-njy martda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi” atly maslahat geçirildi.
Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde sergi guraldy. Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserleri, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaplary bilen tanyşdylar. Şeýle hem sergide gaznanyň ýardam bermeginde ýerine ýetirilen operasiýalar üçin ulanylýan sarp ediş serişdeleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň öndürýän önümleri, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda taýýarlanan çaýlar we beýlekiler bar. Monitorlarda gaznanyň işi barada gürrüň berýän wideoşekiller, fotosuratlar görkezildi.
Lukmançylyk kömegi berlip, saglygy dikeldilen çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary we çeken suratlarynyň görkezilişi maslahatyň many-mazmunyny artdyrdy. Çagalar özleriniň döredijilik çykyşlary bilen Watanymyza söýgüsini, sagdyn bolmak we durmuşda doly derejeli ýaşamak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döreden hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar dost-doganlyk, ynsanperwerlik, bagtyýarlyk baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Ýaşajyk suratkeşleriň suratlarynda Aşgabadyň gözel ýerleri, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklar, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, mähriban topragymyzyň gözellikleri öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki günde Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösýän ýurt, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde tutuş dünýäde tanalýandygy nygtaldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de beden taýdan sagdyn, ruhy-ahlak taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen syýasatyň aýdyň netijesidir.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler we onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda amala aşyrýan ynsanperwer işleriniň, halkymyz barada edýän aladasynyň, ýaş nesil üçin döredilen şertleriň döredijilikli zähmete hem-de ýagty geljege ruhlandyrýandygyny nygtadylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Agşam çärelere gatnaşyjylar üçin agzaçar sadakasy berildi. Onda türkmen topragynyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ähli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi barada doga-dilegler edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi