Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.
2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine iberilmeli.
Şeýle hem bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.
Kararda bellenilişi ýaly, bu resminamalar işlenip düzülende “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alynmaly.
Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak meseleleri şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, pudaklaryň okgunly ösüşini üpjün etmek hem-de ähli ulgamlarda meýilnamalaýyn tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin netijeli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi.