Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşar
24.03.2023

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen «Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýändigini» belledi.

Bu barada Si Szinpiniň Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Baştutanynyň adyna iberen gutlagynda aýdylýar.

«Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we şu ýylyň maý aýynda Hytaýda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde birinji sammite gatnaşmagyňyzy mübärekleýärin» - diýip hatda aýdylýar.

«Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda uly netijeleriň gazanylmagyny üpjün etmek üçin Siziň bilen Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýärin» diýip Si Szinpin belleýär.

Hatynda Si Szinpin şeýle hem şu ýylyň ýanwar aýynda Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa üstünlikli amala aşyran döwlet saparynyň barşynda dostlukly we çuň manyly gepleşikleri geçirendigini ýatlady. 

«Hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmagy, şeýle hem Hytaýyň we Türkmenistanyň “bitewi ykbalynyň konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegi bilelikde beýan etdik. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş ýoluny kesgitledi» diýlip hatda aýdylýar.

Hatyň ahyrynda Si Szinppin Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglaryny Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan hem iberdi.

Li Sýan hatynda şeýle belleýär: «Men Siziň bilen bilelikde, Siziň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gazanan möhüm ylalaşyklaryňyzy yzygiderli durmuşa geçirmäge, “Bir guşak — bir ýol” strategik başlangyjy we Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işlemegi çuňlaşdyrmaga, özara bähbitli netijeleri gazanmak, iki ýurduň halklarynyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli ulgamlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam bermäge taýýardyryn».