Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Birža söwdalarynda nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri uly islegden peýdalandy
28.03.2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümlerine uly isleg bildirildi. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini, yşyklandyryş we uçar kerosinini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 700 müň dollaryndan gowrak boldy.