Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň wekilleriniň bu ugurdan ýöriteleşen halkara kompaniýalary we ýokary okuw mekdepleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga «Türkmennebit» we «Türkmengaz» DK-niň wekilleri, Türkmenistandaky Milli hytaý nebit-gaz kompaniýasynyň şahamçasynyň işgärleri, Petronas Çarigali Sdn Bhd (Türkmenistan) kompaniýasynyň, Dragon Oil Turkmenistan Ltd.kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şekilli aragatnaşyk arkaly ara alyp maslahatlaşma Leobeniň (Awstriýa) dag-magdan uniwersitetiniň, Turiniň politehniki uniwersitetiniň, Koreýanyň Inha Uniwersitetiniň, Swikau şäheriniň Amaly ylymlarboýunça Günbatar-Sakson uniwersitetiniň (Germaniýa Federatiw Respublikasy), Ploýeştiniň nebit-gaz uniwersitetiniň (Rumyniýa), Daşkendiň Islam Karimow adyndaky Döwlet tehniki uniwersitetiniň, Russiýanyň I. M. Gubkin adyndaky Döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň, Belarusyň Döwlet tehnologiki uniwersitetiniň rektorlary, şeýle hem Ýewfrosiniýa Poloskaýa adyndaky Poloskiý döwlet uniwersitetiniň rektory goşuldylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar nebitgaz ugrundan ýokary okuw mekdepleriniň bu ugurdaky kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň uly ähmiýete eýedigini bellediler, bu talyplara hakyky gurşawda amaly başarnyklary we tejribe edinmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem bu pudakdaky iň täze tehnologiýalar we innowasiýalar barada bilmäge mümkinçilik döredýär. Kompaniýalar bolsa täze zehinleri we geljekki hünärmenleri özleriniň iş tejribelerinde ulanyp bilýärler.
Taraplar ozal gol çekilen ylalaşyklaryň çäklerinde ýetilen ösüşe garap geçdiler, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläkki ädimleri bellediler.