Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Yug-Neftegaz we Dragon Oil kompaniýalary Dubaýdaky halkara roud-şouwa hyzmatdaşlygyny tassykladylar
28.03.2023

Ýene-de iki sany iri daşary ýurt nebitgaz kompaniýasy 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şouwa hyzmatdaş bolmak meýillerini tassykladylar. 

Şeýlelik bilen, Dragon Oil Halkara forumyň brilliant hemaýatkäri bolar diýip, çäräniň guramaçylyk komiteti habar berdi.

Ýug-Neftegaz kompaniýasy Halkara forumda kümüş hemaýatkäri bolar.

Ondan öň, nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň beýleki hyzmatdaşlary forumyň hemaýatkäri bolmak meýillerini tassykladylar. Şeýlelik-de, Mitro International kompaniýasy International Roadshow-yň altyn hemaýatkärligini, PETRONAS kompaniýasy bolsa – bürünç dalaşgärligini tassyklady.

Guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň eýýäm ençeme ýyl bäri geçirip gelýän bu möhüm pudaklaýyn forumyna hemişelik goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu forum Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ugurlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Dubaýda geçiriljek Halkara roud-şouwa işjeň taýýarlyk dowam edýär. Forumyň guramaçylarynyň hatarynda — «Türkmengaz» we «Türkmennebit» DK-lary, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen GaffneyCline britan kompaniýasy bar.