Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Mitro International Türkmenistanyň Dubaýdaky maýa goýum forumynyň altyn gatnaşyjysy boldy
29.03.2023

Mitro International Limited kompaniýasy Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýda geçjek Halkara forumyň altyn gatnaşyjysy boldy.

2000-nji ýylda esaslandyrylan Mitro International Limited Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyndaky nebit işlerine, hususan-da, gözleg, agtaryş we nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmeklige maýa goýmaklygy maksat edinýär.

2000-nji ýylyň iýun aýynda Gündogar Çeleken nebit ýatagynda «Hazar» şertnamalaýyn çägini özleşdirmekde önümi paýlaşmak barada Şertnama gol çekildi. Bir ýyl soňra Mitro International Limitedkompaniýasy Şertnamanyň doly hukukly agzasy boldy we şol wagtdan bäri Gündogar Çeleken nebit ýatagyny özleşdirmek we işlemek boýunça işlerini üstünlikli alyp barýar.

Mitro International Limited kompaniýasy nebit ýataklarynyň we guýularyň ylmy-barlagynyň döwrebap usullaryna aýratyn üns berýär. Gündogar Çeleken nebit ýatagyndaky taslamany ýerine ýetirmekde 70-den gowrak guýy guruldy. Gazyp çykarmagy has artdyrmak üçin, nebit ýatagynda ulanyşyň mehanizirlenen usuly elektrik hereketlendirijileriň merkezden gaçyryş sorujylaryň we sorujy çybyk nasoslaryň oturdylmagy arkaly alnyp barylýar.

Kompaniýanyň işjeňligi bilen baglanyşykly käbir faktlar:

  • Gündogar Çeleken nebit ýatagyny özleşdirmek we işlemek boýunça taslamanyň ýerine ýetirilip başlanan wagtyndan bäri 760 mln ABŞ-nyň dollaryndan gowrak maýa goýuldy;
  • Çig nebitiň gazylyp alnyş möçberi 5 900 000 tonnadan gowrakdyr. Döwletiň paýy 2 845 303 tonnadan gowrak boldy;
  • Aşaky gyzyl reňkiň plastlaryndan gazylyp alynmany artdyrmak üçin plasty gidrawlik bölmegi we yzysüre nebiti gazyp almagy geçirmeklik meýilleşdirilýär.