Mary welaýatynyň çäginde ýerleşen Ýylan gaz käniniň №01 ulanyş-bahalandyryş guýusynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň buraw brigadalarynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen buraw işleriniň netijesinde mümkin boldy.
Burawlanan guýy iki müň ýedi ýüz metr çuňlukdan «mawy ýangyjyň» senagat akymyny berdi. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, guýynyň debiti günde tebigy gazyň 991,6 müň kub metrine deňdir.
Täze guýynyň önüminiň arassalygy, kükürt wodorodynyň saklamazlygy bilen tapawutlanýandygy bellärliklidir.
Burawçylar tarapyndan gazanylan netije olaryň birnäçe aýlap yhlasly zähmetiniň netijesi boldy.
«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawçylary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gaz känlerini gözlemegiň we işläp taýýarlamagyň hasabyna tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine mynasyp goşandyny goşýarlar.
Häzirki wagtda olar Mary welaýatynyň çäginde täze gaz känlerinde buraw işlerini üstünlikli ýerine ýetirýärler.