«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgazçykaryş müdirligi 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda hereket edýän guýulardan 91 müň tonna nebitiň çykarylmagyny üpjün etdi. Şol bir wagtda hasabat döwründe meýilnama 112 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 124 göterime deň boldy.
Bu görkezijiler tutuş konsern boýunça meýilnamany ýerine ýetirmekde iň ýokary görkeziji bolup durýar.
Ençeme ýylyň dowamynda «Gumdagnebit» müdirligi geljegi uly kän bolan «Uzynada» känini işläp taýýarlamaklygy dowam edýär. Diňe soňky wagtlardan burawlanan aşa çuňlukdaky guýulardan gymmatly uglewodorod çig maly alynýar.
Hünärmenler hereket edýän guýulardan çig maly netijeli çykarmak meselesine aýratyn üns berýärler. Guýularyň her biriniň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin düzülen geologo-tehniki meýilnamalar dolulygyna ýerine ýetirilýär.
Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olaryň gaýtadan işlenilişini we ýokary hilli harytlyk önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri döwletiň hemişe üns merkezinde saklanýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawy işleriň netijeli bolmagyna ýardam edýär. Geologlaryň tekliplerine görä, müdirligiň garamagynda bolan känlerde «gara altynyň» düýpli ätiýaçlyklary bar. Geljekde has çuň guýulary burawlamak meýilleşdirilýär.
Öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Müdirlige täze sepgitlere ýetmäge giň mümkinçilikleri berer. Gumdagly nebitçiler şu ýyly ýokary ykdysady görkezijiler bilen jemlemegi meýilleşdirýärler.