Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi
15.05.2023

Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.

Şenbe güni sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, A.Begliýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Aşyrguly Begliýew öň, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinden 2023-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinde işläpdi. Soň ol nebitgaz meseleleri boýunça wise-premýer bellenildi.