Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
“Türkmennebit” döwlet konseri we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi
06.01.2024

Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji ýanwarda Abu-Dabiden Birleşen Arap Emirlikleriniň iri ykdysady, medeni we syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherine bardy.

Bellenilişi ýaly, Dubaýyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.

Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny BAE-niň Prezidenti bilen duşuşygyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şeýle-de işewür türkmen halkynyň Milli Liderine Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady.

Duşuşykda Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigi barada aýdyldy. Şolaryň hatarynda özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen “Dragon Oil” kompaniýasynyň hem bardygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşlikde XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň – Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi bellenildi. Türkmenistanda “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň “mawy ýangyç” bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BAE-däki hyzmatdaşlar we maýadarlar türkmen tebigy gazyny sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrylýar.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we işewür hoşlaşanlarynda, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de bar bolan özara gyzyklanmanyň nebitgaz ulgamynda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin esas boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Türkmennebit” döwlet konseriniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi