Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Serdar Berdimuhamedow: Täjigistan Respublikasy Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaş
11.05.2023

Çarşenbe güni, 10-njy maýda Duşenbe şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikiçäk görnüşde hem-de giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin düzümdäki gepleşiklerde Prezident Emomali Rahmon Türkmenistan bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Ikiçäk we iki ýurduň giňeldilen düzümdäki duşuşyklaryň dowamynda döwletleriň Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ykdysadyýetiň has takygy, energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmegi boýunça aýratyn üns çekdiler.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary hususy telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň işewür düzümleriniň arasynda göni aragatnaşygyň gurmagyň zerurdygyny bellediler.

Ulag ulgamy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda bilelikdäki tagallalar baş maksady gazanmaga — Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän döwrebap we kuwwatly infrastrukturany döretmäge gönükdirilmelidir. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar deňzine çykmak bilen, döwletlerimizi birleşdirýän ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işe taýýardyr.

Şeýle-de döwletleriň arasyndaky göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Soňra döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Serdar Berdimuhamedow şu günki gepleşikleriň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Prezident Emomali Rahmony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.