
Balkan welaýatynda Güýjik meýdançasynda taslama çuňlugy 2 müň 60 metr bolan № 148 ulanyş guýusynda buraw işleri alnyp barylýar.
Buraw işleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpejeburawişmüdirligi» müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilýär. Häzirki wagta çenli buraw geçişi müň metrden geçdi.
Burawçylaryň ygtyýarynda HHR-de öndürilen J-30T kuwwatly buraw desgasy, uglewodorodlaryň toplanmasyna 3D syny üpjün edýän seýsmoderňew boýunça rus geofiziki enjamy, şeýle hem ulanyşda ykjamlygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan enjamlar bar.
Täze guýyny 2023-nji ýylyň ahyrynda senagat ulanyşyna bermek meýilleşdirilýär. Deslapky çaklamalara görä, bu nebitgazly guýy bolar.