Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistana Hytaýdan täze buraw tehnikalary gelip gowuşdy
04.04.2023

Türkmenistana Hytaýdan täze XJ 450 we XJ 650 göçme buraw enjamlary gelip gowuşdy. Olaryň köpüsi eýýäm Balkan welaýatynyň çägindäki Barsagelmez we Goňurdepe nebit ýataklarynda oturdyldy diýip, «Turkmenistaninfo» ýazýar.

Täze gelen tehnikalaryň esasy wezipesi guýulary burawlamakdan ybaratdyr. Ozal bu işleri ýerine ýetirmek üçin bir aýdan gowrak wagt sarp edilýärdi, ýöne indi täze enjamlaryň kömegi bilen şol wagt 20 güne çenli gysgalar.

Bu göçme buraw desgalary Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alyndy we Türkmenistanyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodyna berildi.