Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desgany dolulygyna gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi
05.04.2023

“Türkmennebit” DK Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desganyň taslamasyny düzmek, ony dolulygyna gurmak, işe girizmek hem-de onuň gurluşygy üçin gerekli materiallar we enjamlar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalara doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde “Türkmennebit” DK arza tabşyrmak teklip edilýär.

Soňra bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşige gyzyklanma bildirýän ähli taraplar gatnaşyp biler. Şol bir waggtda offşor zolaklarda bank hasaplary bolan ýa-da hasaba alnan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Gerekli maglumatlaryň ählisini www.oilgas.gov.tm we www. turkmennebit.gov.tm elektron salgylaryndan alyp bolar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşen Uzynada käninde öň «Türkmennebit» DK we «Türkmengeologiýa» DK gözleg buraw işlerini geçirdiler. Burawlanan aşa çuňlukdaky guýular uglewodorodlaryň senagat akymyny berdi.