Prezident Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen baglylykda, «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmegi teklip etdi.
Bu barada döwlet Baştutany penşenbe güni Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Ýurdumyz uglewodorod çig malynyň dünýäde ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurduň ykdysadyýetini depginli ösdürmek meselesini esasy orunda goýýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen baglylykda, «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek maksadalaýyk bolar.
Belläp geçsek, tebigy gaz gorlary boýunça Türkmenistanda Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dünýäde dördünji orny eýeleýär.
Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda iri taslamalarynyň hatarynda — «Galkynyş» gaz käniniň işläp taýýarlamak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artdyrmak, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebit we gaz känlerini özleşdirmek bar.