Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Sapargeldi Rejepow bilen Şatlyk Ýagşygeldiýewiň taýýarlan «Sanly Şypa» atly innowasion taslamasy «Sanly çözgüt – 2026» bäsleşiginde üstünlik gazandy. Emeli aň tehnologiýasyna esaslanýan bitewi sanly saglygy goraýyş platformasy «Sanly lukmançylyk» ugry boýunça III orna mynasyp boldy.
«Sanly çözgüt – 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy «Türkmentel — 2026» XIX halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Ýaşlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrma, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, akylly şäher, bilim, elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ýaly möhüm ugurlary öz içine aldy.
Bäsleşige 450-ä golaý taslama hödürlenip, olaryň içinden 43-si ýeňiji hökmünde saýlanyldy. Şolaryň arasynda emeli aň esasynda işleýän lukmançylyk platformalary, türkmen dili üçin döredilen sanly modeller, robotlaşdyrylan ulgamlar, akylly şäher we oba hojalyk çözgütleri, elektron bilim platformalary ýaly döwrebap tehnologiýalara esaslanýan taslamalar aýratyn orun eýeledi.
Ýeňijilere Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. «Sanly çözgüt – 2026» bäsleşigi ýaşlaryň ylmy-tehniki döredijiligini höweslendirmekde, täzeçil başlangyçlary goldamakda hem-de Türkmenistanyň sanly ekoulgamyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meýdançalaryň biri hökmünde çykyş etdi.







