Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana döwlet sapary başlandy
10.05.2023

Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlandy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Republikasyna döwlet sapary hoşniýetli dostluk, doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar diýip, TDH agentligi habar berýär.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen gepleşikleri geçirdi.

Ikiçäk we iki ýurduň giňeldilen düzümdäki duşuşyklaryň dowamynda döwletleriň Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ykdysadyýetiň has takygy, energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk we oba hojalyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmegi boýunça aýratyn üns çekdiler.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary hususy telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň işewür düzümleriniň arasynda göni aragatnaşygyň gurmagyň zerurdygyny bellediler.

Ýokary derejeli türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça ösdürmäge gönükdirelen ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirildi.