GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Polşadaky matematika olimpiadasynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary altyn we iki bürünç medal gazandylar
12.11.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Garlyýew Oguzhan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasynda (ISTCiM-2026) şahsy hasapda birinji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy. Bäsleşik 4 — 10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde geçirildi.

Bellenilişi ýaly, şol uniwersitetiň talyplary Annageldyýew Halymmuhammet bilen Myratgeldiýew Halmyrat üçünji orunlary eýeläp, bürünç medallara mynasyp boldular. Olaryň üstünlikleri talyplaryň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna özboluşly sowgady diýlip häsiýetlendirilýär.

Olimpiadada (International Students Team Competition in Mathematics) Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň toparlary gatnaşdylar.

Metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bäsleşige Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdylar.

Beýanatyň awtorlarynyň pikiriçe, halkara derejesinde gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miwesidir. Beýanatda bellenilişi ýaly, Katowisedäki ýeňişler ylym-bilim ulgamynda täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylýandygyny, olaryň bilimleriniň, ukyp-başarnyklarynyň we endikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.