GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen geldi
11.11.2026

10-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.

Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan Halkara howa «Arkadag» menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji bilen gürrüňdeş boldy.

Diplomat Gahryman Arkadagymyzyň türk-türkmen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly şahsy goşandyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň taryhynyň, diliniň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýandygyny aýdyp, onuň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň 1995-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýändigini aýdyp, şu gezek keramatly ýerde — Türkiýe Respublikasynda guralýan bu dünýä ähmiýetli çäräniň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygynyň boljakdygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň dürli ulgamlarda, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk edip gelýändigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýändiklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Energetika, ulag, senagat, şähergurluşyk ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär.

Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň buýsançly wakadygyny aýdyp, bu saparyň türk-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady. Şeýle-de ol Türkiýe Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň taglymatlarynyň we başlangyçlarynyň hemişe goldanylýandygyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza ýolunyň ak bolmagyny arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu ýerde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe wagtdan Gahryman Arkadagymyz Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri we ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi