GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň biržasynda hepdäniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň dizel ýangyjy we polipropileni satyldy
09.11.2026

Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nebitgaz toplumynyň önümlerine isleg bildirildi.

Hususan-da, 4-nji noýabrda geçirilen söwdalaryň barşynda Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Ýerli telekeçiler bolsa içerki bazarda 4-nji, 5-nji we 6-njy noýabrda konserniň «TPP D 30 S» kysymly polipropilenini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berýär.

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň pagta süýümini türkmen işewürler içerki bazarda 3-nji, 4-nji we 7-nji noýabrda satyn aldylar. 3-nji noýabrda umumy bahasy 43 200 000 manada deň bolan jemi 2 geleşik, 7-nji noýabrda bolsa bahasy 21 762 000 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Ýeňil senagat önümlerine hem hepdäniň dowamynda isleg bildirildi. 2-nji noýabrda türkiýeli işewürler daşarky bazarda ýerli telekeçiler bilen dokma önümlerini satyn almak boýunça bahasy 169 505 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşdylar. 4-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri nah ýüplügini, Gyrgyzystanyň işewürleri nah matany, Azerbaýjanyň işewürleri bolsa ýüplükden öndürilen ranfors matasynyň ýarymfabrikatyny satyn aldylar. 5-nji noýabrda nah ýüplügini ýene-de Birleşen Arap Emilrikleriniň (BAE) işewürleri satyn aldylar, 6-njy noýabrda bolsa ýerli telekeçiler Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.