Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda 31-nji oktýabrda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebithimiýa önümlerine isleg bildirildi.
Owganystanyň, Bolgariýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Türkiýeli telekeçiler Türkmenistanyň işewürleri bilen pagta süýümini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Azerbaýjan Respublikasynyň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 489 740 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.







