GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti we «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar
31.10.2026

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 30-njy oktýabrda «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň başynda işewür Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Türkiýe Respublikasyna saparynyň taryhy ähmiýetini belledi. Ahmet Çalyk Prezident Serdar Berdimuhamedowy Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem işewür Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynda deňhukuklylyk, özara düşünişmek we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine wepaly galýandygy bellenildi.

Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryna örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Şeýle hem ol türk telekeçilerine Türkmenistanda netijeli işlemek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin ýurduň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.