Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Türkmenistan — dostlugyň mekany» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi. Onuň maksady — 19-njy oktýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Işewürler maslahatynyň ähmiýetini açyp görkezmek we onuň netijeleriniň bilim ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşmak.
Işewürler maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyň çäklerinde geçirildi. Maslahat sanly tehnologiýalar, bilim we saglyk, wajyp minerallar we gazylyp alynýan serişdeler, energetika we ulag infrastrukturasy, oba hojalygy we dokma toplumy, maliýe hem-de maýa goýum ýaly ugurlary öz içine aldy. Şeýle gerim häzirki döwrüň ykdysady ösüşiniň köpugurly häsiýetini görkezýär: bu ugurlaryň her biri ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy mümkinçilikleri ösdürmek we innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Işewürler maslahatynyň bilim we saglyk, şeýle hem energetika we ulag infrastrukturasy boýunça sessiýalarynyň işine uniwersitetiň wekili gatnaşdy.
Tegelek stol söhbetdeşliginde gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygynyň döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmekde, ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda eýeleýän orny barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişliginde dost-doganlyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy barada durlup geçildi.
Bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmekde we olaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Bilim islendik döwletiň durnukly ösüşiniň, onuň ykdysady kuwwatyny we halkara bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, okuwyň hilini ýokarlandyrmak, ylmyň we bilimiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda atlandyryldy.
Inženerçilik bilimine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylaryň pikirine görä, nebitgaz pudagynyň, senagat önümçiliginiň, energetikanyň, ulag infrastrukturasynyň we sanly tehnologiýalaryň ösüşi, ilkinji nobatda, döwrebap bilimli, ýokary hünär taýýarlykly inženerlere baglydyr. Häzirki zaman inženerçilik biliminde emeli aň, awtomatlaşdyryş ulgamlary, maglumat tehnologiýalary, energiýa tygşytlaýjy çözgütler we daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky bilimleriň ähmiýeti barha artýar.
Gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we halkara dialogyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty barada gürrüň etdiler. «C5+1» formatyndaky duşuşyklaryň we olaryň çäklerindäki işewürlik çäreleriniň sebit ýurtlarynyň arasynda tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de umumy ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Soňunda tegelek stolda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döretmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.







