Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri telefon arkaly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
11.04.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi geçen anna güni geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlarynda, oba hojalygynda gatnaşyklary giňeltmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Döwlet Baştutanlary türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini nygtap, netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýan bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlady. Prezidentiň belleýşi ýaly, saparyň dowamynda açyklyk häsiýetinde oňyn gepleşikler geçirildi, dürli meseleler boýunça pikir alşyldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna degişli möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Döwlet Baştutany saparyň netijeleriniň döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.