GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Samarkantda duşuşyk geçirdiler
20.10.2026

19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde (Özbegistan Respublikasy) Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň tagallalaryna oňyn baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen «C5+1» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň bilelikdäki tagallalary berkitmekde möhüm tapgyr bolandygy bellenildi.

Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilen öňde boljak möhüm duşuşyklaryň we syýasy geňeşmeleriň tertibini kesgitlediler.

Gepleşiklere ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Ilçi Serjio Gor hem gatnaşdy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi