Moldowa we Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we energetika ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Moldowanyň daşary işler we ýewropa integrasiýasy ministrliginiň döwlet sekretary Ruslan Bolboçanyň Türkmenistanyň Moldowadaky täze ilçisi Toýly Ataýew bilen duşuşygynda gürrüň edildi diýip, Noi.md portaly ýazýar.
Döwlet sekretawy Bolboçan türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysyna üstünlikler arzuw etdi we Moldowanyň daşary işler we ýewropa integrasiýasy ministrligi tarapyndan ählitaraplaýyn goldawy kepillendirdi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we syýasy gepleşikleri berkitmeklige we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmeklige ymtylyşlaryny beýan etdiler.
Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika ulgamy aýratyn tapawutlandyryldy.
Ilçi Ataýew 7-nji aprelde Moldowanyň Prezidenti Maýa Sanduwa ynanç hatlaryny gowşurdy.