Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Dubaýdaky Halkara forumynyň hyzmatdaşlarynyň sany täze gatnaşyjylar bilen artdy
12.04.2023

Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň açylmagyna ýarym aý galdy. Forum 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherinde Hyatt Regency myhmanhanasynda geçiriler. 

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet korporasiýalary, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmen Forum we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guramaçylary bolup çykyş edýänler çärä işjeň taýýarlyk görýärler. 

Şeýlelikde, Guramaçylyk komitetiniň habar bermegine görä, SinoPetroleum Technology Inc. kompaniýasy Maýa goýum forumda kümüş hyzmatdaşlygyny tassyklady. 

Bellenilişi ýaly, forumyň maglumat hyzmatdaşlary Bloomberg News, S&P Global Platts, Energy Intelligence, Мир 24, Natural Gas World, Interfax, Media Hub halkara habar beriş serişdeleri boldy. 

Öň, CNPC, Petronas, Dragon Oil, Mitro International, Yug-Neftegaz ýaly kompaniýalar foruma hyzmatdaş bolmak kararyny tassykladylar. 

Habar beriş hyzmatdaşlarynyň hatarynda şeýle hem — Altyn Asyr, Yaslyk, Miras, Turkmenistan, Asgabat teleýaýlymlary bar. 

Forumyň guramaçylyk komitetiniň habar bermegine görä, maslahata gatnaşmak üçin bellige alynmaklyga az wagt galdy. Şahsy gatnaşmak üçin bellige aldyrmagyň iň soňky senesi — 16-njy aprel, onlaýn üçin — 20-nji aprel.