Aziýa ösüş banky (AÖB) 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 % derejesinde çaklaýar. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji bolup durýar. Bu barada AÖB-niň aprel aýy üçin hasabatynda aýdylýar. Hasabat bankyň saýtynda çap edildi.
«Bu Has ýokary kapital harçlamalaryny we uglewodorodlaryň eksportyna uly islegiň saklanyp galmagyny göz öňünde tutýar. Nebitiň we gazyň çykarylmagy hem-de eksporta edilmegi ýokary bahalaryň saklanmagy we eksport möçberleriniň artmagy babatda bu döwrüň dowamynda dowam eder» - diýlip AÖB-niň hasabatynda aýdylýar.
AÖB-niň bellemegine görä, Türkmenistanda JIÖ-niň ösüş depgini 2022-nji ýylda 6,2%-e deň boldy, bu bolsa uglewodorodlaryň eksportynyň, esasan tebigy gazyň eksportynyň has ýokary bahalarda artmagyny we COVID-19 pandemiýasy tamamlanandan soň, harytlara içerki islegiň artmagyny görkezýär. Uglewodorodlaryň eksporty esasan Hytaýa, Azerbaýjana we Eýrana artdy.