Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Birža söwdalarynda 40 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz eksporta iberildi
14.04.2023

Sişenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy 16,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 18 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT habar berýär.

Türkiýeden, Özbegistandan, Pakistandan we Owganystandan gelen işewürler suwuklandrylan gazyň her tonnasyna 376,20 amerikan dollaryny teklip edip, jemi 42 müň tonna suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Jemi 15,8 mln amerikan dollary möçberinde suwuklandyrylan tebigy gaz eksporta ugradyldy.

Singapurdan gelen işewürler toparynyň wekili söwdalaşyklarda TC-1 kysymly uçar kerosininiň 1 müň tonnasyny satyn aldy, önümiň her tonnasyna 753,50 amerikan dollary baha berildi. Geleşigiň jemi bahasy 753,5 müň amerikan dollaryndan geçdi.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.