Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Gurbangeldi Garlyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä Berdimyrat Amanowy belledi hem-de ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Berdimyrat Amanow özüne bildirilen uly ynam üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.







