Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we ýaş mugallymlary üçin «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory sanly ulgam arkaly «Gara altyn» atly tema boýunça okuw sapagyny geçirdi.
Çykyşyň dowamynda nebit we gaz senagatyndaky döwrebap tendensiýalar, şol sanda sanly tehnologiýalar, awtomatlaşdyrylan ulgamlary we emeli aň esasyndaky çözgütleri ulanmak barada gürrüň edildi. Ýataklary öwrenmegiň, gorlara baha bermegiň we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrylmagynyň döwrebap usullaryna aýratyn üns berildi.
Şeýle hem «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory önümçilik proseslerini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýän üçin ýokary takyklygy bilen tapawutlanýan geologiki seljeriji usullary, gözegçilik ulgamlaryny we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak barada gürrüň etdi.
Sapaklara gatnaşanlara «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite sertifikatlary gowşuryldy.
Ýokary okuw jaýlarynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde 2026-njy ýylyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň birnäçe professorlarynyň sanly ulgam arkaly şeýle hem uniwersitetimize gelip okuw sapaklaryny geçirmekleri meýilleşdirilen.
Dersler nebit önümçiliginde innowasiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine bagyşlanar.







