Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary nebitgaz we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
18.04.2023

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Pakistanyň daşary işler döwlet ministri Rabbani Har bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Duşuşyk geçen hepde Samarkantda geçirilen Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisiniň çäginde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň özara gyzyklanma bildirilýän köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellendi.

Diplomatlar şeýle-de Türkmen-pakistan hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler we ýakyn wagtda Toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi barada ylalaşdylar.