Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary breýn-ring intellektual bäsleşiginiň ýeňijisi boldular.
Çäre Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Bäsleşige jemi 25 topar gatnaşdy. Olaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary hem-de Balkanabat şäherindäki orta mekdepleriň 10 – 12-nji synplarynda bilim alýan okuwçylar bar.
Fewral aýynyň dowamynda geçirilen ýaryşyň saýlama tapgyry test görnüşinde bolup, toparlar final tapgyryna çykmaga hukuk gazanmak ugunda bäsleşdiler.
Bäsleşige gatnaşyjylar diňe bir çuňňur bilimi däl, eýsem, berlen soraglara sekuntlaryň içinde dogry jogap bermek, logiki pikirlenmek we toparlaýyn işlemek ukyplaryny hem görkezdiler.
Bäsleşigiň netijelerine görä, ikinji orny Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçylary, üçünji orny bolsa Balkanabat şäherindäki 12-nji we 6-njy orta mekdepleriň okuwçylary eýelediler.







