GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly awtomatizasiýadaky täze çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar
25.02.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Sessiz awtomatizasiýa: netijeliligiň täze tapgyry” atly okuw sapagy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Meýletinçiler merkezi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkezi tarapyndan guraldy.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler awtomatizasiýanyň diňe uly "IT" toparlarynyň ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň işi däldigini bellediler. Iş prosesine içgin düşünýän ýerli hünärmenler hem iş proseslerini has netijeli, takyk we çalt guramaga ýardam berýän sanly tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyryp bilerler.

Awtomatizasiýa işgärleri çalyşmak üçin däl-de, olaryň işini goldamak, wagtyny tygşytlamak we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin niýetlenmeli.

Çäräniň ahyrynda geçirilen sorag-jogap sessiýasy gyzykly pikir alyşmalara baý boldy.